Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi yglan edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. 

Bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, zehinli ýaşlary ýetişdirmekden, olaryň eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik terbiýesini kämilleşdirmekden hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybaratdyr.

Çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigine 4 (dört) ýaşdan 11 (on bir) ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler. 

Bäsleşik üç ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçiriler:

– Türkmen milli oýunlary;

– Aýdym-saz we tans sungaty; 

– Surat çekmek we amaly haşam sungaty.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 4 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçiriler. 

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Habarlaşmak üçin: 

+993 (12) 57-18-57 

tmyg.arkadag_shaheri@sanly.tm