Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda uly ösüşler

2025-nji ýyl Türkmenistanyň taryhynda möhüm bir döwür bolup, bu ýyl BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanýşmak ýyly» hökmünde yglan edildi. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş maksady bolup durýan parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we ynanyşmak, ähli ugurlarda — şol sanda oba hojalyk toplumynda hem öz beýanyny tapdy. Oba hojalyk pudagy, ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolmak bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmegiň möhüm ugrudyr. 2025-nji ýylda bu ulgamda alnyp barlan işler, ekinçilik we maldarçylykda iň soňky tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassa agrotehniki usullaryň giňden ulanylmagy we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ýaly meselelerde üstünlikleri görkezdi.

Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň  Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolmagy, ýurdumyzda Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýylmagy aýdyň şaýadydyr.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýazky, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasynda Türkmenistan boýunça agaç nahallary ekilmegi, agaç nahallaryny ekmekden başga-da, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri geçirilmegi, bu işler bilen birlikde ekologik çäre bolsa ýurdumyzyň ekologiýasyny berkitmekde alnyp barylýan, möhüm işleriniň biridir.

Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda suw we lagym arassalaýjy desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Täze toplumyň açylmagy etraplaryň we oňa ýanaşyk obalaryň ilatyna ajaýyp sowgat boldy.

Täze suw we lagym arassalaýjy desgalaryň ählisiniň gurluşyklaryny ýerli hususy kärhanalary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny gowlandyrmakda alnyp barylýan işleriň şeýle-de ykdysady taýdan güýçli depginde ösýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz, bug­daý ora­gy­na ak pa­ta ber­megi bilen, oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň, şol san­da ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän dü­züm­le­riň, suw ho­ja­lyk top­lum­la­ry­nyň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na döwlet tarapynda yzygiderli goldaw berilýändiginiň, şol bir wag­tyň özün­de gal­la ora­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li, öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň oňyn netijesini görkezýär, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şy­gy öz wag­tyn­da ge­çir­mek ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­megi, daýhanlarymyz barada edilýän tükeniksiz aladanyň şaýadydyr. Türkmenistanyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 tonna tabşyrylmagy, bu zähmet ýeňişi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyza ajaýyp sowgat boldy.

Şeýle hem ýurdumyzda 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi.

4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirilmegi, Türkmenistan Watanymyz bütin dünýäde tanylmagy, at-abraýynyň has-da belende galýandygyny, şeýle-de bu foruma gatnaşyjy myhmanlar, forumyň ýokary guramaçylyk  derejesinde geçirilendigini uly buýsanç bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymyny bökdençsiz geçirmek maksady bilen, tehnikalara gije-gündizleýin hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň we pagtaçylaryň netijeli işlemegi, dynç almagy üçin talabalaýyk şertler döredilip berilmegi edermen daýhanlarymyzy has-da göredeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 1-nji dekabrda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň ulanmaga berilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz, bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy.Nygtalyşy ýaly, maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmeginiň, şeýle hem suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak täze tehnikalaryň satyn alynyp berilmegi muňa  aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny türkmen halkyna sowgat berdi. Bu kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär, diýip Arkadagly Serdarymyz belläp geçdi we ýurdumyzda ähli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, hünärmenlere gollanma boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň permanyna laýyklykda,ýurdumyzyň raýatlaryna, daşary ýurtly raýatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallary we nyşanlary bilen sylaglanyldy.

Türkmen alabaýynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizilmegi, bu ajaýyp waka türkmen halkynyň ata-babalarymyzda gelýän mirasymyzy, geljek nesillere has ajaýyp görnüşde ýetirilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedew bady bilen öňe alyp barýan öňden görijilikli içerki we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Aşgabat şäherinde Halkara Bitaraplyk günine bagyşlanyp halkara forumyň geçirilmegi şeýle-de bu foruma birnäçe döwlet ýolbaşçylarynyň, halkara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, gatnaşmagy öran uly ähmiýete eýedigini, ýurdumyzyň ynsanperwer dost-doganlyk gatnaşyklary bütin dünýäde pahatçylykly we agzybirlikde ýaşamagy öňe sürýändigini äşgär edýär. Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, baýramçylyk sergiler, maslahatlar, konsertler, feýerwerk çäreleri  uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi.

 

 

               TAP-yň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni

     Mekan ATAGELDIÝEW