Ýurdumyz durnuklylygy we parahatçylygy goldamak bilen döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlaryndan gülleýän, gül açýan Garaşsyz Diýarymyz bu günki gün dünýä derejesindäki döwrebap ösüşleri gazanyp, halkara jemgyýetçiliginiň öňünde özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Häzirki wagtda dünýäniň onlarça döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň ençemesiniň agzasy bolan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwerlige gönükdirilen Bütin dünýä saglygy saklaýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Gyzyl haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý ýaly bütindünýä we sebitdäki guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şol bir wagtda döwletimiz ynsanperwer ugurlarda umumy ykrar edilen halkara hukuk esaslaryna, kadalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň amala aşmagy üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepillendirmeleri üpjün edýär. Bu maksatlar üçin ýurdumyzyň uly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy hem-de beýleki halkara guramalary bilen alyp barýan ysnyşykly, işjeň hyzmatdaşlygy oňaýly netijeleri berýär.
Arzuwlaryň wysal bolýan ajaýyp döwründe Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň hasyl bolmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygy saklamak, olary berkitmek ýaly asylly maksatlara gulluk edýär. Ata watanymyz Türkmenistan sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, adam hukuklaryny goramakda, demokratiki institutlar we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmekde, olaryň işini utgaşdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada ygtybarly daýanjyna öwrüldi hem-de Bitaraplyk derejesi boýunça öz üstüne alan borçlaryna ykrarlydygyny subut etdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesinden geljege tarap gadam basmak bilen parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň ähmiýetini we halkara bähbitli ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar hem-de umumyadamzat jemgyýetiniň häzirki zaman möhüm meselelerine degişli umumy çeşmeleri işläp taýýarlaýar. Hormatly Prezidentimiz sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, durnuklylygy gorap saklamagyň meseleleri boýunça umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen öz gymmatly tekliplerini öňe sürýär. Dünýä jemgyýetçiligi bilen alnyp barylýan şeýle tutumly işler bütin adamzadyň eşretli ýaşamagynyň aladasyna ýugrulan, dünýäni ynsan isleglerine laýyk ösdürmek baradaky teklipleri öňe sürmäge ukyplydygyny subut edýär. Dünýä halklarynyň öňünde beýik syýasatlara goşulyp bilýän uly jemgyýetçilik pikirli millet hökmünde mynasyp orun tapýar.
Taryhy ähmiýetli uly ösüşleri başdan geçirýän Türkmenistan döwletimiz giň möçberli halkara başlangyçlaryny öňe sürýändigi we goldaýandygy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Baky Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan döwletimiz daşary döwletler bilen özara gatnaşyklary deň hukukly, birek-birege peýdaly, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk esasynda alyp barýar.
Agzybirligiň, jebisligiň nusgasyny dünýä jar edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň şöhratly saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işler dünýäni haýrana goýýar. Ýurdumyzdaky jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, ykdysadyýetiň we durmuş derejesiniň yzygiderli ösüşi, infrastruktura amatlyklary, şeýle hem, halkara gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar, onuň halkara abraýy, sebitara we bütindünýä ähmiýetli orny has belende göterilýär.
Diýarymyzda halk bähbitli hemmetaraplaýyn alnyp barylýan işler çalt depginde bolup geçýär. Halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygyny, ykdysady pudaklary döwrebap ösdürmek ýaly döwrüň wajyp meseleleri ýurdumyzda işjeň häsiýete eýe bolýar.
Döwlet hem-de milli baýramçylyklaryň şanyna Mähriban Prezidentimiz jemgyýetimiziň ýaşaýşyny ösdürip, dünýäniň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gurluşyk taslamalaryny özünde jemleýän şäherleri açyp, halkymyzyň ykbalynyň çözgüdini tapyp, olary iş orunlary bilen üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ynsanyň parahat, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalanýan Hormatly Prezidentimiziň, gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt we halkara ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç alsyn! Goý, türkmeniň Bitaraplyk mertebesi halkara jemgyýetçiliginiň öňünde täze-täze belentliklere göterilsin!
Ogulkeýin Enermyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallym öwrenijisi