Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Topragyň sürülişi we ekişden öň işläp bejerilişi

Toprakda ösümlikleriň kök ulgamynyň esasy böleginiň ýaýraýan gatlagyny gowaça ekilmezden öň ýumşatmak, şeýle hem topragyň üstki, kök galyndylaryna we çüýrüntgä hem-de peýdaly mikroorganizmlere baý gatlagyny aşak, ýagny ekinleriň kök ulgamynyň esasy ýaýraýan zolagyna düşürmek, iýmit maddalaryny az mukdarda saklaýan gatlagyny bolsa topragyň ýüzüne çykarmak üçin azyndan 40 sm. çuňlukda sürüm geçirmek zerurdur.

Sürümiň netijesinde ýeriň ýüzüne çykarylan gatlakdaky toprak ýylyň dowamynda dowamynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň täsiri bilen iýmit maddalary, peýdaly mikroorganizmler bilen baýlaşýar. Sürümiň netijesinde topragyň üstki gatlagyna çykarylyp, amatly şertlerine düşüp gögeren haşal otlar bolsa, soňky geçirilýän agrotehniki çäreleriň netijesine ýok edilýär. Topragyň maslahat berilýän çuňlukda sürülmegi netijesinde haşal otlaryň 2-4 esse azalýandygy ylmy-barlaglarda anyklanyldy.

  Ýokarda agzalan çäreleriň pes hilli geçirilmegi tohumlardan endigan gögeriş almaga we gowaçanyň kadaly gürlügini gazanmaga mümkinçilik bermeýär.

Eňňitsiz ýerlerde tagt suwundan soň yzgar saklamak maksady bilen, üsti guran badyna topragy ilki çizel, onuň yzyndan bolsa 2 tirkegli dişli dyrmyk bilen ýumşadyp, soňundan hem mala basmaly. Tohumyň ýeterlik çuňluga endigan düşüp, ekişiň ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýän, keseksiz, ownuk işlenip bejerilen toprak almak üçin öň ýanynda ýumşadyjylara bilen topragyň mehaniki düzümine baglylykda, 16-18 santimetre çenli çuňlukda, soň bolsa dişli dyrmyk bilen ýumşadyp, mala basmak zerur.

  Toprak şeýle yzygiderlikde işlenip bejerilende tohumyň gögerijiligi ýokarlanýar, gowaçanyň gürlügine, şeýle hem ösümlikleriň kadaly ösüp, ýeterlik boý almagyna, hasyl şahalarynyň köpelmeginiň hasabyna gozalaryň sanynyň artmagyna hem-de olaryň öz wagtynda açylmagyna oňaýly täsir edýär. Netije-de, şeýle bejergi geçirilen meýdanlarda gowaçanyň hasyllygy ortaça 1,1-2,9 s/ga artýar.

Bu işleriň geçirilmegi hem-de bol hasyl alynmagy üçin bolsa, Hormatly Prezidentimiz babadaýhanlarymyz üçin ähli şertleri döredip berýär. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris.

 

 

Serdar Begmyradow

Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Ahal

welaýat komitetiniň bölüm müdüri