Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Parahatçylygyň we azatlygyň goragçylary sarpalanýar

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda zähmetsöýer, gujur-gaýratly, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin tutumly işler, örän möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna döwletimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Eziz diýarymyzda bu ýylda hem Ýeňiş gününiň 80 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde, asylly däbe görä, gazaply jeňlerde wepat bolan edermen gahrymanlaryň sarpasy belent tutulyp, weteranlar aýratyn hormat-sarpa bilen gurşalýar.

Ýaňy-ýakynda,  TAP-nyň Merkezi geňeşiniň, Aşgabat şäher komitetiniň hünärmenleri şeýle hem, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersititetiniň professor-mugallymlary, bagtyýar  talyp ýaşlary bilen bilelikde, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky “Watan Mukaddesligi” muzeýine gezelenç guraldy. Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk esasda terbiýelemek we Türkmenistanyň milli gahrymanlarynyň hatyrasyna dikeldilen bu muzeýiň  ekspozisiýasy 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwri barada gürrüň berýär. Ol ýerde sowuk we ot açýan ýaraglaryň, eşikleriň toplumy, harby esbaplar, arhiw resminamalary we söweş dioramalary görkezilýär. Şeýle-de muzeýde 1948-nji ýyldaky aýylganç ýer titremesiniň görnüşi suratlarda görkezilen. Bularyň hemmesi weýran bolan jaýlaryň nusgalary hem-de dikeldilen şäheriň keşbi foto-resminamalaryň üsti bilen görkezilýär.

         Watan gahrymanlary şöhratlydyr, olary sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!

 

Mekan Atageldiýew,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Aşgabat şäher komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň 

baş hünärmeni