Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz her ýyly bahar we güýz paslynda köpçülikleýin bag ekmek işlerine ak pata berýär. Indi ençeme ýyldan bäri köpçülikleýin bag nahallarynyň müňlerçe düýbi ekilip, öňki ekilen bag nahallaryna göwnejaý ideg edilýär. Munuň özi mähriban Diýarymyzyň gözel tebigatynyň barha gözelleşmegine, ekologiýa abadançylygynyň barha ýaýbaňlanmagyna uly mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzyň bagy bossanlyga öwürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem degişli işler alnyp barylýar. Etrabymyzda bagbançylyk bilen meşgullanýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Olaryň hatarynda “Akgala” daýhan birleşiginden Bazarbaý Kamalowy, Rana Ýuldaşowany, “Bereket” daýhan birleşiginden Ywraýym Askarowy, “Galkynyş” daýhan birleşiginden Myrat Söýünowy, “Maslahat” daýhan birleşiginden Orunbaý Annaýewi aýtmak bolar. Bu bagbanlar bagbançylyk işiniň inçe tärlerini kemsiz ele alyp, bu ugurda baý iş tejribe toplan bagbanlaryň hatarynda tanalýar. Olar özleriniň kärende ýerlerinde miweli saýaly baglaryň, dürli görnüşlerinden ýüzlerçe düýbini idedip, ekologiýa abadançylygynyň gowulanmagyna, ak bazarlarymyzyň dürli görnüşli miwe önümleri bilen doly bolmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bagbanlar her ýyly bag nahallarynyň ýüzlerçe düýbini ýetişdirip bag meýdanlarynyň gerimini barha giňeldýärler. Bu bagbanlar güýzki bag ekmek möwsüminde hem ýenede ýüzlerçe düýp bag nahallaryny ekdiler.
Her ýyly müňlerçe düýp bag nahallarynyň ekilip, tokaý zolaklarynyň döredilýändigini, gara we demir ýollaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, edara-kärhanalaryň gyra-töwereklerini bezeýän dürli görnüşli agaçlary synlanyňda ýurdymyzyň tebigatynyň barha gözelleşýändigini görmek bolýar.Tutuş ýurdymyzyň çar künjinde şeýle işleriň amala aşyrylmagy mähriban Diýarymyzyň bagy-bossanlygyna öwrülmegine uly mümkinçilik berýär.
Bu işleriň başynda Gahryman Prezidentimiziň durmagy ähli halkymyzy guwandyrýar, Mähriban Arkadagymyza döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar.
Gülhumar HOJAHMETOWA
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni