Ak bugdaýyň ilkinji Watany bolan Türkmenistanda ekerançylyk bilen gadym wagtlardan bäri meşgullanypdyrlar. Munuň şeýledigini ekin meýdanlary, tapylan lagym suw turbalary şaýatlyk edýär. Ekinler güýzde we ýazda ekilipdir. Güýzlük tohumlary tekiz ýerlerde, ýazlygy bolsa daglyk ýerlerde ekipdirler. Güýz pasly ak bugdaý, ýazda bolsa gyzyl bugdaý ekilipdir.
Meýdanlar ekin ekmek üçin taýýarlanylanda ýerleri pellere bölüp, ondan soň tagt suwuny tutupdyrlar. Ýeri guramanka tagt bolan ýagdaýynda sürüpdirler. Ýeri iri mallara goşulan azal bilen sürüpdirler. Her bir dag eteginde ýerleşýän obanyň gapdalynda olaryň düme ekin ýerleri bolupdyr. Tekiz meýdanlarda ýeri ýabylaryň ýa-da düýeleriň kömegi bilen, dag eteklerinde bolsa sürümde öküzleri ulanypdyrlar. Ýeri ekişe taýýarlamak birnäçe aý töweregi dowam edipdir. Düme ekin ýerleriň sürümine ýazda otlaryň ýaňy bir gögerip çykan wagty başlapdyrlar. Bu sürüme “şüdügär sürümi” diýilipdir. Şüdügär sürüm wagtynda ýerleri daýhanlar birnäçe hojalyk bolup agzybirlikde, bileleşip sürüpdirler. Bu ýagdaýa bolsa “hebentleşmek” diýilipdir. Ekerançylykda ulanylýan zähmet gurallary örän ýönekeý bolupdyr. Ýeri ujuna demirden azal geýdirilen künde bilen sürüp, tekizlemek üçin mala basypdyrlar. Ýetişen hasyl esasan, dişsiz orak-aňňal bilen orulypdyr.
Halkymyzyň örän baý, buýsançly taryhy bar. Ata babalarymyzyň geçmiş taryhynda ekerançylyga uly üns berendiklerini görmek bolýar. Ata babalarymyzyň ýörelgelerine uly sarpa goýulýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň goldamagy netijesinde babadaýhanlarymyzyň yhlasy bilen bereketli topragymyz egsilmez hazynanyň, bolçulygyň, rysgal-döwletiň çeşmesine öwrülýär.
Täzegül Hommodowa
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen
etrap komitetiniň esasy hünärmeni