Ýurdumyzyň her bir raýatynyň aňyna esasy kanun diýenimizde elbetde Konstitusiýa gelýär. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda şol wagtda kanun çykaryjy edara bolan Türkmenistanyň Ýokary sowetinda kabul edildi we Türkmenistanda döwlet gurluşynyň hil taýdan täze ösüşini dabaralandyrdy.
Konstitusiýa sözi “Constitutio” diýen latyn sözünden gelip çykyp gurmaklyk, dikeltmeklik, döretmeklik diýen manylary aňladýar. Konstitusiýa- ähli raýatlaryň kanunyň öňünde resmi taýdan deňhukukly bolan ýagdaýynda hem-de olaryň ählisiniň döwlet dolandyrmaga gatnaşýan ýerinde döräp biler. Konstitusiýa esasy kanun bolmak bilen, hukugyň wajyp çeşmesi, ähli hukuk ulgamy üçin başlangyç bolup durýar. Konstitusiýa döwlet häkimýetiniň guralşynyň esaslaryny, döwlet bilen adamyň arasyndaky gatnaşyklayň esaslaryny, umuman syýasy ulgamyň işiniň ýörelgelerini belleýär. Konstitusiýamyzda umumy adamzat gymmatlyklary hökmünde kesgitlenýän hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen ähli ýörelgeler bilen birlikde türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir”, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe haky bilen Watandyr- döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen şygary we Esasy kanunymyzyň I-bölüminiň 4-nji maddasyndaky “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimýet edaralarynyň baş wezipesidir” diýip bellenilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň we durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň ählisiniň halkymyzyň bähbidine gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Goý, başymyzyň täjine deňelýän ýaşyl Tugumyzyň müdimi parlamagy we halkmymyzyň asuda parahat durmuşda ýaşamgy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
Serdar Begmyradow