Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Diýarymyz bedew bady bilen ösüşleriň belent sepgitlerine barýar

         “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Şu ýylyň  fewral aýynyň   12-ine Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň ähli  görkezijileri boýunça ýeňiji bolan etrap welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap diýlip yglan edilmegi biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar.  Bu buýsançly waka bizi täze-täze zähmet üstünlikleri gazanmaklyga uly badalga berýär. Şu  ýyly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanýar. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak üstümizdäki ýylda hem welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary oba hojalyk ekinleriniň ähli görnüşlerinden bol hasyl alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýna özleriniň zähmet sowgatlary bilen bararlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçen sanlyja ýylyň içinde  ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylyp, mähriban diýarymyz bedew bady bilen ösüşleriň belent sepgitlerine barýar. Ähli pudaklarda gazanylýan ýokary netijeler ýurdymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny barha ýokarlandyrýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrýar. Ykdysadyýetimizde uly orun degişli bolan oba hojalygy pudagynda gazanylýan ýokary netijeler ýurdymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ykdysady kuwwatymyzyň barha ýokarlanmagyna uly mümkinçilik berýär. Soňky ýyllaryň içinde ýurdymyzyň çar künjinde bolşy, ýaly biziň welaýatymyzyň çäginde durmuş-medeni maksatly binalar bilen bir hatarda, birnäçe önümçilik kärhanalary, ýyladyşhana toplumlary, oba hojalyk önümlerini saklaýan uly göwrümli sowadyjy ammarlar gurlup ulanmaga berildi. Munuň aýdyň mysaly höküminde S.A.Nyýazow  adyndaky etrabyndaky Maldarçylyk toplumyny,  Görogly etrabyndaky ýylda 50 müň tonna gallany saklamaga we gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhanany, Köneürgenç etrabynda ýylda 40 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan pagta arassalaýjy kärhanasyny, ýylda 6000 müň tonna ýüplik öndürmäge mümkinçiligi bolan pagta egriji fabrigini, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 30 müň tonna tüwi öndürmäge niýetlenen kärhanany görkezmek bolar.  Bu önümçilik kärhanalarda daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetleriniň netijesinde  ýetişdirilen oba hojalyk önümleri senagat taýdan gaýtadan işlenilýär, taýýar çig mal görnüşinde içerki we daşarky bazarlara ugradylýar.

Ýurdymyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatymyzy hut öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler bilen ýylyň ähli döwrinde üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Dürli gök önümleri ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ilatymyzyň uly isleg bildirýän ter gök önümlerini ösdürip ýetişdirmekde Akdepe etrabyndaky “Zemin açary”,  S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndaky “Altyn tug”, “Altyn gala” şeýle hem  Daşoguz azyk önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumlarynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Bu ýyladyşhana toplumlarynda ekologiýa taýdan arassa dürli görnüşli ter we gök önümler ösdürilip ýetişdirilip, ilatymyzyň bu önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen ter gök-bakja  önümler bilen ilatymyzy ýylyň ähli döwründe üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň iş ýüzinde ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýyna  sowgatly barmak her bir raýatymyzyň baş maksady bolup durýar. Bu şanly senä özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýän welaýatymyzyň oba hojalykçylary, kärendeçileri şu günlerden gaýratly zähmet çekýärler. Welaýatymyz boýunça geçen güýz aýlarynda ekilen güýzlik bugdaýlara ideg etmek, öňde duran ýazky ekiş möwsümine ähli taraplaýyn taýýarlyk görmek ýaly işler barha giň gerime eýe bolýar. Şu günler bugdaý maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Bu işde hormatly Prezidentimiziň daýhanlara alyp beren kuwwatly tehnikalary kärendeçileriň daýanjy bolup, bugdaý maýsalaryny gyradeň iýmitlendirmekde  tehnikalaryň hemişe saz işledilmegi gazanylýar. Şonuň ýaly hem ýazky ekiş möwsüminde gowaça, gök-bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutylan ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleri hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda etraplaryň daýhan birleşikleriniň ählisinde ekiş geçirilmegi göz öňünde tutylan ýerlere ýuwuş suwyny tutmak işleri berjaý edilýär. Suwyň talabalaýyk tutulyşyna degişli  hünärmenler, bellenen jogapkär wekiller berk gözegçilik edip, suwy tygşytly ulanmaga, ýerleri öz wagtynda möwsüme taýýar etmäge çalyşýarlar. Ýazky ekiş möwsümine gatnaşjak tehnikalary olaryň tirkeg gurallaryny taýýarlamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda hem welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşigi we etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalary tarapyndan degişli işler alnyp baryldy. Möwsümde ulanyljak tehnikalara, olaryň tirkeg gurallaryna zerur bolan tehniki hyzmatlar, bejergi, abatlamak işleri talabalaýyk geçirilip, möwsüme taýýar halatyna getirildi. Munuň özi welaýatymyzda ýazky ekiş möwsüminiň ýokary depginde ýerine ýetirilmegine uly mümkinçilik berer.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly oba hojalygy pudagyna hem sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdymyza şol sanda biziň welaýatymyza sanly telematik usulda dolandyrylýan kuwwatly tehnikalaryň gelmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu tehnikalaryň iş öndürjiliginiň ýokarylygy bilen aýratyn tapawutlanyp, tehnikalar gowaça ekmekde we hatar ara bejergi işlerinde peýdalanylýar.  Bu tehnikalar gowaça tohumyny tygşytly ulanmaga, artykmaç el işlerini aradan aýryp, kärendeçilere ýeňillikli şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaňy ýakynda has takygy fewral aýynyň 8-ine jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, jemgyýetçilik guramalaryň işjeňligini artdyrmak boýunça birnäçe möhüm wezipeleri öňde goýdy. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça biziň partiýamyzyň welaýat, şäher, etrap komitetleri tarapyndan degişli işleri alyp barýarys. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek, oba hojalyk ekinleriniň möçberini artdyrmak,  ýer eýelerini ähli taraplaýyn goldamak, olaryň işe bolan höwesini artdyrmak boýunça oba zähmetkeşleriniň aralarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýäris. Möwsümleýin meýdan işleriniň alnyp barylyşy barada pikir alyşýarys. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak üstimizdäki ýylda hem welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary oba hojalyk ekinleriniň ähli görnüşlerinden bol hasyl alyp mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barar. Türkmenistan ýurdymyzy bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, her bir tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

 

 

Serdar GAÝYPOW

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy