Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gözel we özboluşy tebigatyny, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanyp, geljekki nesillerimize ýetirmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkyň ekologik dünýä garaýşyny terbiýelemekde tebigatymyzyň biologik köpdürliliginiň mümkinçiliklerini durnukly peýdalanmagy we gorap saklamagy baş ýörelge hasap edýän hormatly Prezidentimiziň hut özi bu işde görelde bolup, tebigatymyza aýawly çemeleşmegiň tärlerini öwredýär. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridi. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy, ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamzadyň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu meselä diýseň uly üns berýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasynyň Tebigaty goramak baradaky esasy Konwensiýalaryny tassyklady. Birleşen Milletler guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesinde ekologik maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasyny amala aşyrýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky uly möçberli maksatnamasynyň ýurdumyzy gurşap almak bilen, onuň çäklerinde, her bir şäheriň, obanyň töwereginde gür baglar peýda bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzak möhltleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetimiziň ösüşini daşky gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirlendir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, umumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridi. Bu günki gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň islendik künjeginde, baran-gezen ýerlerimizde, seleň howaly, goýry baglyga gül-gülşenlige gözüň düşüp, göwnüň açylýar. Her ýyl ýaşlaryň we külli türkmen halkymyzyň gatnaşmaklarynda ählihalk ýowarlary geçirilýär. Şeýle ýowarlaryň netijesinde halkymyz eýýän ekilip, seleň howasyny dünýä eçilip oturan gül bagçylygyň hözürini görýär. Şeýle bossanly baglar bilen özgerip, zynatlanyp, dünýäniň gözellik täji bolan Türkmenistan Watanymyz, hakykatdan-da dünýe içre bag seýline öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny gözelleşdirmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýany arassa saklamak, şaýollaryň, köçeleriň gyralaryna bag, gül ekmek ýaly ajaýyp däpleri, halkymyzyň ata-baba gelýän ýol-ýörelgeleriniň dowamydyr. Çünki ata-babalardan miras galan aýtgylarda çöl ýerde guýy gazan, saýaly, miweli bag eken, ýol we köpri guran ynsanlar ýalkanarmyş diýilýär. Diňe bir hojalyk, mellek ýerlerinde däl, eýsem, gatnawly ýollaryň ugrunda bag ekip, guýy gazan adamlara halkymyz bimöçber hormat goýýar. Eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga, tebigatymyzy behişdi mekana öwürmek ugrundaky tagallalary üçin Hormatly Prezindentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Belent ösüşleriň ýolundan ynmaly öňe barýan Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda amala aşyrylýan işleriň asyrlara barabardygyna buýsanmaga haklydyrys. Milli bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda, daşky gurşawy goramakda, ykdysadyýetde ozal görlüp-eşidilmedik öňegidişikler gazanylýar. Amala aşyrylýan ägirt uly işleriň gözbaşynda halkymyzyň eşretli geljegi, şu günki hem geljekki nesilleriň bolelin, bagtly durmuşda ýaşamagy baradaky çäksiz aladalar durandyr. Bu günde rowaç tapýan beýik işler ajaýyp geljegimiziň mizemez kepilidir. Şeýle bimöçber alada, belent ynama mynasyp bolmak bolsa biziň mukaddes borjudyr.

Şu ýerde şeýle bir zady hem aýratyn belläsim gelýär. Çünki, ýurdumyz Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik özgertmeleriň ýolunda bedew bady bilen öne barýar. Arkadagly Serdarymyzyň jemgyýetçilik guramalaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur alýan Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň agzalary olary üstünlikli ýerine ýetirmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň agrar syýasatyndaky ajaýyp özgertmelerini her ädimde diýen ýaly duýup ýaşaýan, işleýän gujur gaýratly agzalary terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Mundan beýläk hem, biz halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdygymyza tüýs ýürekden, ynandyrýaryn!

Bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan beýik tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Hurma Garaýewa

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň

baş hünärmeni