Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bitaraplyk – Türkmenistanyň taryhy çözgüdi

Hormatly Prezidentimiziň, halklaryň erkin ýaşaýşynyň baş gönezligi bolup duran parahatçylygy, asudalygy diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäde ykrar etmek babatdaky alyp barýan daşary syýasaty netijesinde indi her ýylyň 12-nji dekabry-- Halkara Bitaraplyk güni diýilip dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan bellenilýär. Has takygy,  2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edilipdi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýär we 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen giren taryhy senedir. Şoňa görä-de, halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumyadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär

Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. Iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly täze desgalar dabaraly ýagdaýda açylýar. Beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagy babatynda giň mümkinçilikleri açýar. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýanyň täzeden kabul edilmeginiň özi hem biziň döwletimiziň adamzadyň hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.       Şanly toýlarymyzy zähmet üstünlikleri bilen garşylamak bolsa indi halkymyz üçin asylly ýörelgä öwrüldi. Ine, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp hem eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. Iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly täze desgalar dabaraly ýagdaýda açylýar, baý öwüşginli, medeni-jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu giň möçberli işlerden Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň tassyklan meýilnamasy esasynda Aşgabat şäher we welaýat komitetleriniň, etrap komitetleriniň wekilleri hem daýhanlaryň, Agrosenagat toplumyna degişli kärhanalaryň zähmetkeşleriniň arasynda bolup wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýärler, Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmuny we halkara ähmiýeti dogrusynda, anyk mysallar arkaly düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Anyk mysallar bolsa özgertmeler ummanyny başdan geçirýän baky Bitarap döwletimizde az däl.

Bütindünýä adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň  jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan beýik tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

TAP-yň Aşgabat şäher komiteti