Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

BAGT BAGYŞLAN BITARAPLYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp senäniň-hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25-ýyllygynyň toýlanjak ýylyna synmaz ynam, ruhubelentlik hem-de joşgun bilen gadam goýan halkymyzyň ýüregi ata Watanymyzyň ýer ýüzündäki abraý – mertebesini hasda beýgeltmek, onuň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, eziz Arkadagymyzyň beýik işlerine mynasyp goşant goşmak hyjuwy bilen joşýar. Bu gün il –günümiz öz bagtyny, aýdyň gelejegini hormatly Prezidentimiziň ajaýyp Maksatnamalarynda görýär, adalatyň berkararlygyň dabaralanýan ýolunda kuwwatly güýje öwrülip, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda dost-doganlyk, Bitaraplyk ýollarynda aýdyň geljegine barýar. Hemişelik Bitaraplyk- halkymyzyň parahatçylyk söýüjülik, hoşniýetlilik, ynsanperwer ýörelgeleriniň gözbaşy umumyadamzat gymmatlygy. ajap eýýamda Watan, halk, Arakadag, Garaşsyzlyk, Bitarplylyk diýen mukaddes jümleler ýüregimizde ýaşaýar, bizi belent maksatlara ruhlandyrýar. Taryhy wakalaryň amala aşýan eziz Diýarmyzyň her güni toý baýrama beslenýär. Milli senenamamyzda  aýaratyn orun eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkaralyk, bakylyk sütüni Halkara Bitaraplyk baýramy ýurdumyzyň abadançylygynyň nyşany bolup giňden halkymyz tarapyndan uly dabara bilen bellenilýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilip, 1995-nji ýylyň 12-nji dekebrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan ykrar etmeginde Bitaraplyk derejesine eýe boldy.2015-nji ýylyň    3-nji iýunynda BMG-nyň Baş Assambelýasynyň 69-njy mejlisinde bolsa “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusýasy  täzeden kabul edilip, ikinji gezek agza döwletler tarapyndan biragyzdan makulladylar.

2016-njy ýylda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) mejlisinde üç komissiýasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Ylym we tehnika baradaky toparyna, 2016-2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş toparyna, 2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş taýdan ösüş toparyna biragyzdan saýlanmagy örän buýsandyryjydyr. 2-nji fewralda her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýasy kabul edildi.

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň ylalaşdyryjylygyň merkezine öwrüldi. Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açmak baradaky teklibi Hormatly Prezidentimiz 2007-nji ýylyň 26 –njy sentýabyrynda BMG-niň Baş assambleýasynda çykyş edende teklip edildi. Şonda Milli Liderimiziň bu beýik başlangyçy giň seslenme döretmegi.Hormatly Prezidentimiz 2010-2011-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň 65-66-njy mejlisinde ulag babatynda möhüm halkara başlangyçlary öňe sürdi.Şonuň esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”  Rezolýusiýa kabul edildi.

2015-nji ýylyň dekabyrynda ilkinji gezek BMG-niň Assambleýasy tarapyndan “Durnukly köpugurly ulag –üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda” atly kararnama 85 döwletiň awtoraýdaşlygyna kabul edildi.BMG-niň Baş assambleýasynyň 67-mejlisinde “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakynda rezolýusiýa kabul edildi.

Dünýäde ykrar edilen milli liderimiziň uly gyzyklanma döredýän kamil daşary syýasat ugry ösüşleriň, özgerişleriň täze belentliklere göterilýän döwründe rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyz bilen dost-doganlyk, döwletleriň arasynda döwrebap hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üstünlikli alynyp barylýar.Bitaraplyk bagtyna daýanyp Dünýäniň iň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn  gatnaşyklaryň ýola goýulmagy eziz Diýarymyzyň Ykdysady kuwwatynyň halkara derejesinde pugtalandyrmagyna ak ýollary açdy hem-de halkymyzyň agzybir, asuda  ýaşaýşynyň gözbaşy bolup dabaralanýar. Guwanç bilen bellemeli zat, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy aýdyň maksatlaryň rowaçlyk ýolunda bagtyýar il günümiziň kalbyny joşduran,asuda, abadan ýurdumyzyň mertebesini ýene bir gezek arşa göteren taryhy waka boldy.

Dünýäde dost-doganlygyň dabaralanmagyna giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag il ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

 

Jumakow Ýusup

 Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni