Ýaşlaryň arasynda guralýan medeni we syýasy çärelerde milli mirasymyza, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine degişli söhbetler olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olarda zähmete bolan söýgüni ösdürmekde we ýaşlaryň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly düşünjelerini kämilleşdirmekde pederlerimiziň parasada eýlenen
tejribeleri baradaky maglumatlaryň uly ähmiýeti bar.
Parasatly pederlerimiz beýik, berdaşly, ýogyn sütünli daragtlara keramat hökmünde sarpa goýupdyrlar. Şeýla baglar uzak ömrüň, gujur-gaýratyň nyşany hökmünde adamlaryň ünsüni özüne çekipdir.
Taryha ser salsak, halk ýörelgelerine görä, her kişiniň öňünde durýan üç sany borjunyň biri hökman nahal oturtmak bolupdyr. Ynsan durmuşynda baglara uly orun berilýär.
Alymlaryň kesgitlemegine görä, baglaryň ýapraklarynyň reňkini synlamak hem adama dürlüçe täsir edýär. Gyzylymtyl-ýaşyl, çalymtyl-gyrmyzy ýaprakly daragtlar duýgyny güýçlendirmäge täsir edýär. Adaty açyk, we garamtyl ýaşyl ýapraky daragtlar degna ulgamyny rahatlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle ösümlikleriň baldak, ýaprak, gül ýaly agzalarynda saklaýan efir ýagy adamy howsalaly ýagdaýdan çykarmaga, sussupesligi aýyrmaga, bedene güýç bermäge kömek edýär. Bu daragtlaryň salkyn saýasy, jana şypa beriji howasy adamyň bedeninden ýadawlygy aýyrýar, işe ukyplylygy artdyrýar, kalbyňda ruhubelentlik duýgusyny oýarýar. Baglaryň ýapraklarynyň şygyrdysy ynsanyň
kalbynda rahatlygy oýarýar.
Bilermenleriň tassyklamagyna görä daragtlar adamyň keşbini duýýar, hatda onuň bilen gürleşip hem bolýar.
Alymlar daragt diýlen düşünjäni gurluşy boýunça ynsanyň ýaşaýşyna deňeýärler. Oňa Ýer ýüzünde dowam edýän ýaşaýşyň nyşany diýlip düşünilýär.
Bag — gözellik. Ol töwerege gözellik goşmak bilen, howanyň tämizligine oňaýly täsirini ýetirýär. Bag ekilen ýaşyl zolaklar arassa, tämiz howa gurşawuny emele getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Halkymyz irki döwürlerden bäri bag ekmegi parz iş hasaplapdyr. Bag durmuşyň, ýaşaýşyň bezegidir. Ýurdumyzda bu babatda durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda we welaýatlarda tokaý zolaklaryny döretmek işlerine aýratyn uly üns berilýär. Ekologiýa medeniýetiniň artdyrylmagynda uly ähmiýete eýe bolan köpçülikleýin bag ekmeklik eziz Diýarymyzda döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar
Gözel durmuşymyzyň bezegi bolan baglar barada halk arasynda kalba ýakyn jümleler hem ýörgünlidir. «Bir agaç ekseň ýaşyň bakydyr», «Bagym bar, barym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly nakyllar we atalar sözleri halkymyzyň bag ekmeklige aýratyn hormat bilen garandygynyň alamatydyr. Bu gadymy döwletli ýörelgelerimiziň esasynda bolsa halkymyzyň zähmetsöýerlik, watansöýüjilik, tebigata aýawly çemeleşmek ýaly asylly häsiýetleriniň jemlenendigini görmek bolýar.
Serdar SAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiyasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň
Guramaçylyk we syyasy işler bölüminiň
baş hünärmeni.