Dünýä nusgalyk binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan merjen şäherimiz Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde uly özgerişlere eýe bolýar. Paýtagtymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň düýpgöter özgermegine ýardam edýär.
Aşgabat şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy merkezi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek maksady bilen Aşgabatda dünýä halklarynyň medeniýet hepdelikleriniň, halkara maslahatlaryň, sergileriň, forumlaryň we beýleki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir.
Ýaňy-ýakynda hem, 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak » ýylynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ak şäherim Aşgabat – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi
Oba hojalyk toplumynyň hünärmenleriniň, şeýle hem talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçen bu dabarada ýurdumyzyň estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalary özleriniň toý ruhundaky aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasy ruhubelentlikde geçip şatlyk-şowhuna beslendi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň
Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni
Serdar Sazakow