Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hem-de onuň ähmiýeti barada wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty-röwşen geljegiň binýady” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçrilmegi we onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda kararlaryň kabul edilmegi barada şeýle hem, halkymyzda «Geňeşli salamat bolar», «Halkyň ýoly — Hakyň ýoly»diýen ajaýyp pähimler bar. Munuň özi islendik meseläniň halk bilen geňeşilip çözülen halatynda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär diýip, buýsanç bilen bellediler
Ýokary ruhubeletlikde geçirilen wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda merdana türkmen halkyny milli demokratiýanyň ösüşli aýdyň ýoly bilen bagtyýar geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulgerek Şalykowa
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň
Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri