Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýörelgelerine eýermegi uly ähmiýete eýe bolýar. Her bir agrotehniki çäräniň öz wagtynda doly we dogry berjaý edilmegi ekerançylykda bereketli hasyl almakda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda oba hojalyk toplumyndaky özgertmeler, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işler sanardan köpdür. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýerden, suwdan, rejeli peýdalanmakda toprak howa şertlerini nazara almakda ylmyň gazananlaryna we öňdebaryjy tejribä daýanmakda edilýän işler öz datly miwesini eçilýär. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, ilatymyzyň özümizde öndürýän, ekelogiýa taýdan arassa gök önümler bilen üpjün etmek, kärhanalara täze innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportyň möçberini artdyrmak ugrunda bimöçber tagallalaryndan ugur alnyp, gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň biri-de etrabyň “Bugdaýly” daýhan birleşigine ýerleşýän “Miras” hususy kärhanasyna degişli bolup, bu döwrebap ýyladyşhana toplumynyň birinji tapgyry geçen ýylda doly güýjünde ulanylmaga berildi. Bu ýyladyşhanada pomidoryň “Bandita” görnüşi ýetişdirilip, ilat arasynda has köp isleg bildirilýär. Ýygnalan hasyl terligine ak bazarlaryň üsti bilen ilata ýetirilýär. TAP-yň Ak bugdaý etrap komitetiniň guramagynda ýyladyşhananyň zähmetkeşleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda telekeçilerimiziň milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji pudaklarynyň biri bolan oba senagat toplumynyň ösüşiň täze derejesine çykmagy ugrundaky tagallalaryna saldamly goşant goşýandygyna, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlaryna buýsanjymyz artýar diýip ýyladyşhananyň işgärleri bellediler. Şular ýaly mümkinçilikleri döreden, hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň arkadagyna il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly üstünlik, jan-saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.