Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Sarahs etrabynda geçiren wagyz-nesihat çäresi

2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komiteti hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçirýän mejlisinde kabul edilen kararlaryň, çözgütleriniň ýerine ýetirilişini güýçlendirmek maksady bilen etrabyň çäginde ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça  Sarahs etrabynyň 10-njy orta mekdebinde, mekdep okuwçylarynyň, mugallymlarynyň  gatnaşmaklarynda ýurdumyzda  alnyp barylýan arassaçylyk we sanitariýa çäreleriniň berjaý edilişini hem-de agyz burun örtüklerini dakynmaklygy barada wagyz-nesihat işleri geçildi. Geçirilen çärede  gyş paslynyň gelmegi bilen ýiti öýken sowuklama   keselini dörediji ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almakda ýurdumyzda alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmaklygy hem-de agyz-burun örtüklerini yzygiderli talabalaýyk dakynmaklaryny, şahsy arassaçylygy düzgüne laýyk berjaý etmekleri  hem-de synp otaglarynda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek we adamlaryň arasynda bellenen aralygy saklamagyň talaplaryny berjaý etmegi güýçlendirmek boýunça işler geçirildi. Maslahatda TAP-yň Sarahs etrap komitetiniň  başlygy B.Ballyýew TMÝG-iň Sarahs etrap geňeşiniň  hünärmeni  A.Myradowa   dagylar ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça  köpçülige  giňişleýin düşündirdiler hem-de lukman maslahatynyň görkezmesini köpeldip raýatlara paýladylar. duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize özleri üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin tükeniksiz alkyşlary aýtdylar.