Şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny degişli kanunçylyga, milli demokratiýamyzyň ýörelgelerine laýyklykda geçirmäge etrabymyzda ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Saýlawlara gatnaşjak milli synçylara degişli şahsyýetnamalaryň gowşurylmagy bolsa taýýarlyk işleriniň çäginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Bäherden etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda milli synçylara şahadatnamalary gowşurmak mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa etrabymyzyň saýlaw toparynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak meselesiniň hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy, türkmen halkynyň demokratik we milli ýörelgelere esaslanýan, pederlerimiziň erk isleglerini beýan etmekde müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan däp-dessurlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigi, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik esaslarda, köp partiýalylyk, giň bäsleşik şertlerinde amala aşyrylýandygy bilen baglanyşykly gürrüň edilip, öňde durýan saýlawlary degişli kanunçylyga laýyklykda guramaçylykly geçirmekde taýýarlyk işleriniň ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlanan topary tarapynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsüm yglan edildi. Häzirki günlerde möwsümiň çäginde saýlawlara syn etjek milli synçylary bellige almak we olara degişli şahadatnamalary gowşurmak çäreleri geçirilýär. Öňde duran saýlawlar boýunça Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda saýlaw topary tarapyndan syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlar topary, zenanlar guramasy tarapyndan hödürlenen milli synçylar hem saýlaw möwsüminde degişli işlere syn edýärler. Işjeň ýagdaýda geçirilen dabaraly çärede saýlawlaryň degişli kanunçylyga hem-de demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirilmegini guramakda milli synçylaryň hukuklary hem-de borçlary dogrusynda giňişleýin durlup geçildi, şeýle-de bu möhüm jemgyýetçilik syýasy çäräni geçirmek bilen baglanyşykly öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere üns çekildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alnan milli synçylara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ähli Gahryman Prezidentimiziň özleri üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýtdylar hem-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Gülaýym Gurdowa
TAP-niň Bäherden etrap komitetiniň
esasy hünärmeni