Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyza Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýar.
“Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinden başlap ata Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylyp başlan ösüşler, ýetilen sepgitler, halkara derejesinde durmuşa geçirilip başlan beýik işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Lebap welaýatynyň merkezinde, şäherlerinde, etrapdyr-obalarynda täze ýylyň ady bilen baglanyşykly, Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynda açylyp ulanmaga berilen halkara desgalar barada, ýaşlar we sport syýasatymyz barada, sagdyn durmuş ýörelgeler barada çäreler, maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär.
Şeýle maslahatlaryň biride Türkmenistanyň Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher komitetiniň, welaýat sport we ýaşlar müdirliginiň bilelikde gurnamagynda geçirildi.
Welaýat Maliýe müdirliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat maslahata Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýokary we ýörite-orta mekdepleriň talyp ýaşlary, mugallymlary işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş eden partiýanyň, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, tejribeli tälimçiler, türgenler öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda açylyp ulanylmaga berlen halkara demir ýolunyň, elektrik bekediniň, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň Türkmen-Owgan dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde, goňşy döwletde durnukly ösüşi üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak beýik işlerdigi buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş, ýaşlar, sport syýasatlary giňden wagyz edildi, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” we “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň Maksatnamasy” hakynda söhbet edildi.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda geçiriljek tennis we welitrek boýunça geçiriljek ýaryşlara, dünýä çempionatlaryna Lebaply türgenleriň hem ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýändikleri buýsanç bilen aýdyldy. Mundan başgada çykyşlarda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň giň dünýägaraýşly, ylymly, bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallk sözleri giňden ýaňlandy.
Şeýle maslahatlar Lebabyň ýörite sungat mekdebinde, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda, Türkmenabadyň Ykdysadyýet we Maliýe ýörite-orta mekdebinde we beýleki okuw jaýlarynda hem geçirildi.
TAP-yň Lebap welaýat komitetiniň
Guramaçylyk we syýasy işler
bölüminiň müdiri B.Derkarow