Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunuň uludan toýlanýan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň dekabr aýynyň 3-ine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Balkanabat şäher komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Burnebitgazhyzmat müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkeziniň kiçi mejlisler zalynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli maslahat geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesiniň uly dabaralara beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ilkinji guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz watanymyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri hem-de geljegi nazarlaýan meýilnamalar barada giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň dowamynda häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi bilen baglanşykly ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada durup geçilip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeklik ündeldi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mähriban Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleri üçin öz hoşallyklaryny aýtdylar.

Gülbahar Baýrammämmedowa

TAP-niň Balkan welaýat komitetiniň esasy hünärmeni