“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy agrar döwletden senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän işleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmek, döwletimiziň alyp barýan agrar syýasatyna degişli has möhüm ykdysady we durmuş meselelerini işläp taýýarlamaga hem-de agrar strategiýamyzy amala aşyrmaga işjeň gatnaşmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezilýändigini nazara alyp, “Ýurdumyzyň Agrar syýasaty – oba hojalygynyň möhüm ugrydyr!” ady bilen Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk keramzit zawodynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler oba hojalygyny ösdürmegiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy we netijeleri barada döwürleýin hasabatlar işlenip taýýarlanylýar. Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde bu pudakda düýpli üstünlikler gazanylýar. Uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde iri maýa goýumlary agrosenagat toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, tehniki we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrylmaga gönükdirilýär. Obalarda täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala gelmegine, ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriniň rejeli peýdalanmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, agrar ylmynyň, seçgiçiligiň we tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy bazar usullarynyň ornaşdyrylmagyna, agrosenagat toplumyna telekeçileriň giňden çekilmegine, ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanmagyna, sebitlerde häzirki zaman durmuş düzümlerini döretmegiň hasabyna oba ilatynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Agrosenagat önümçiliginiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply bolmagy üçin hukuk, ykdysady, guramaçylyk şertlerini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyzyň ýetişdirýän gallasy bilen özüni doly üpjün edýändigi bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan “Ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşynda hem oba hojalyk ulgamynda we azyk önümlerini öndürmekde hil taýdan täze sepgitlere ýetiler. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we rowaçlanmagyna, ilatymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip çykyş edenler bellediler.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Halmämmedowa Mähri
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni.